Gökdepe: neşirýatsyz, 2021. — 107 s.
Türkmen dilindäki paronimleriň sözlügini düzmeklik işi türkmen dil biliminde ilkinji synanyşyk bolup, orta mekdeplerde türkmen dili we edebiýat derslerinden sapak berýän mugallymlara gollanma bolmak bilen, okuwçylaryň sözleýiş dilini ösdürmeklige, söz gorlaryny baýlaşdyrmaklyga gönükdirilen işdir.
Paronimleri hasyl edýän aýry-aýry manyly sözleriň birisiniň deregine ýalňyşylyp, beýlekisiniň ulanylyşyna ýazuwly edebiýatlarda-da, janly gepleşikde-de seýrek duşulmaýar. Aýratynam jähet, jäht; sepmek, serpmek; holtum, hortum; tikmek, dikmek; teleke, tereke; gowrak, gowurak; syza, syzy; köpen, köpün; mäki, mäkiýan; çapy, çapgy ýaly gündelik durmuşda ýygy-ýygydan ulanylýan sözleriň mysalynda köp gabat gelmek bolýar. Paronimleriň sözlügi ýazuwda, sözleýişde ses düzümi boýunça biri-birine ýakyn bolup, ulanylyşda biri beýlekisine derek ters ulanylyp, ýalňyşlyk döredýän sözleriň — paronimleriň biriniň deregine beýlekisiniň ulanylyp, ýalňyşlygyň ýüze çykmazlygyny maksat edinýär.