Miras. — 2018. — №4 (72). — S. 13-23.
Türkmen dilinde we beýleki türki dillerde ýygy-ýygydan ulanylýan «gut» sözi çuňňur many-mazmuna eýe bolup, birbada bagt, şowlulyk, doly üpjünçilik, saglyk ýaly birtopar manyny özünde jemleýär. Käbir alymlaryň pikirine görä, «gut» sözi «ruh, ruhy güýç, edermenlik, şowlulyk, bagt, bagtly ýaşaýyş » ýaly manylardan başga-da «syýasy häkimiýetiň güýç-kuwwaty, güýç we döwleti dolandyrmaga hakhukuk, häkimiýetiň hökmürowanlygy» ýaly manylara hem eýedir.