Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. — Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010. — 348 s.
Grammatika dil biliminiň örän uly bölümidir. Şol sebäpli onda öwrenilýän meseleler hem çylşyrymly we köp taraplydyr. Umuman, grammatika dildäki sözleriň düzüm böleklerini, görnüşlerini, ýasalyşlaryny, üýtgeýişlerini, söz toparlaryna bölünişlerini, söz düzümleriniň we sözlemleriň düzülişini, baglanyşlaryny, sözlem düzüliş kadalaryny öwredýär.