Aşgabat: Miras, 2004. — 512 s.
Türkmen halkynyň medeniýeti, ylmy, taryhy, edebiýaty we dili sözüň doly manysynda indi öwrenilip başlandy. Bu kitap hem Türkmenistana ýörite sowgat berlen golýazma esasynda çapa taýýarlandy. Germaniýanyň patyşalyk kitaphanasynda (Berlin) saklanýan bu nusga XV asyr türkmen taryhçysy Ýazyjy ogly Alynyň öz eli bilen ýazan golýazmasy hasaplanýar. Ol diňe bir musulman gündogarynyň taryhyny däl, eýsem dünýä taryhyny öwrenmeklikde hem iň bir ygtybarly çeşmeleriň biridir. Şu mahala çenli ylmy jemgyýetçilige elýeterli bolmadyk we dolulygyna hiç ýerde neşir edilmedik bu eserde Oguz handan başlap Rum Seljuk soltanlaryna çenli döwrüň taryhy we syýasy wakalary yzygiderli beýan edilýär.
Eser osman-türkmen soltany Myrat II soltanlyk eden döwründe (1421-1451), has takygy 1423-1436-nji ýyllar aralygynda ýazylyp, munda oguz türkmenleriniň gelip çykyşy, däp-dessurlary, medeniýeti dogrusynda ähtibarly maglumatlar berilýär.
Mundan başga-da, eserde Osman imperiýasyny esaslandyryjylar Osman begiň we onuň kakasy Ärtogrul Gazynyň döwri barada gyzykly maglumatlar getirilýär.