Зарегистрироваться
Восстановить пароль
FAQ по входу

Gorkut ata şadessany. (Watikan golýazmasy)

  • Файл формата pdf
  • размером 647,36 КБ
  • Добавлен пользователем
  • Описание отредактировано
Gorkut ata şadessany. (Watikan golýazmasy)
Aşgabat, 1991.
Çapa taýýarlan Akmyrat Gürgenli.
Oguzlaryñ (Türkmenleriñ) iñ gadymy eposlarynyň biri (hem dessany) bolan Däde Gorkut/ Gorkut Ata, 15-nji ýýüzýylda Türkçülik düşünjäniniñ barha ösen Ylhanlylar döwründe Ozanlar tarapyndan il arasyna köp ýaýraýar. Ozanlar Gorkut ata, Görogly ýaly milli destanlary, toý-tomaşalararda, märeke meýlislerde şowhun bilen aýdyp berer ekenler. Soñra bu rowaraýatlar, kätipler tarapyndan ýazylyp başlanýar.
Häzir Gorkut ata dessanynyñ iki sany dürli golýazmasynyñ bardygy bilinýär. Olardan birisi Watikan kitaphanasynda, beýlekisi bolsa Almanyýanyñ Drezden şäher kitaphanasyndasaklanýar. Bu golýazmalaryñ fotokopiýalary Türkmenistanyñ milli golýazmalar inistitutyna getrildipdir.
Gorkut Ata, Oguz iliniñ iñ dana/bilgiç kişisi, öñden görüji bilermeni, geñeşçisi. Ol öz gopuzy (tamdyrasy) bilen ilden-ile, begden-bege aýlanyp,
öwütleri bilen han-begleri dogrulyga çagyrýar. Onuñ aýdan goşgy-öwütleri ýygnanyp, oña «Däde Gorkut» ady berilýär. Ol batyrlygy öwýär, namartlygy ýazgarýar, ýigrenýär. Ata ady Türki halklaryñ arasynda arassalygyñ, päkligiñ, ýagşy-zadalygyñ simwolydyr.
11-nji ýüzýylda ýaşap öten belli taryhçy Hoja Reşitetdin, Däde Gorkut hakynda şeýle diýipdir: «Ol 295 ýyl mundan ozal Aýnal sirýaw Göý han(Oguzlaryñ ýabgusy/hany) döwründe, ilçi hökmünde Muhammet piýgamberiñ ýanyñ iberilýär». Türkmenlerde, bolmajak işi etjek bolanlara «Gorkudyñ gabryny gazma» diýilýär, şu pähimden ugur alynsa onuñ uzak ýaşandygyny añsa bolýar.
Däde Gorkudyñ ”Watikan” nusgasynda eseriñ ady Salyr Gazan bilen bagly bolup, ol «Oguznama we Gazan beg»diýip atlandyrylypdyr. Gazan beg goşun serkerdesi bolup, hökümi ýörgünli kişi saýylýar. Salyr Gazan Yçoguzlardan bolup, iliñ uly geñeşçisi hökmünde hormatlanypdyr. Ol ýylda bir gezek öýüni öz iline talatdyrandygy bilen meşhurdyr.
Gorkut ata şadessany taryh hem ylmy taýdanam uly ähmiýete eýe. Onda Oguzlaryñ ilki oturan topraklaryny, han-beglerini we beýleki durmuş ýagdaýlaryny saýgarmak bolýar.
Türkmenistanda 1989-njy ýylda ”Soviet edebiýaty” jurnalynyñ 7 we 8-nji sanlarynda eseriñ doly görnüşi çap edildi. 1990-njy ýylda bolsa 1951-njy ýylda merhum Mäti Kösäýeviñ (onuň türmä basylmagyna sebäp bolan) taýýarlan teksti ýörite bir kitap görnüşinde okuwjylara hödürlendi.
  • Чтобы скачать этот файл зарегистрируйтесь и/или войдите на сайт используя форму сверху.
  • Регистрация