Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, uly alym Aman Kekilow öz halkyna iňňän baý edebi hem-de ylmy miras galdyrdy. Zehinli şahyryň şygyr bilen ýazylan "Söýgi" romany, poemalary, kyssa eserleri okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.