Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. — 305 s.
Kitapda Türkmenistanyň dünýä siwilizasiýasynyň merkezleriniň biridigi baradaky mesele seljerilýär. M.ö. VI asyrdan XIII asyra çenli bolan aralykda
Türkmenistanyň çäklerinde ulanylyp gelen arameý, parfiýan, horezm, oguzruna, awesta we arap elipbiýleriniň dörediliş we ýaýraýyş taryhy yzarlanýar.
Beýik Seljuk imperiýasynyň we Köneürgenç türkmen döwletiniň dowam eden döwürlerinde ylmyň we medeniýetiň ösüşi hem-de olaryň meşhur kitaphanalarynyň taryhy beýan edilýär.
Ylmy işgärlere, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna we talyplaryna, kitaphanaçylara we bibliograflara, musulman ýurtlarynyň ylmynyň we medeniýetiniň taryhy bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenilýär.