Зарегистрироваться
Восстановить пароль
FAQ по входу

Gojuk Ýusup. Gökdepe galasyndaky söweş

  • Файл формата pdf
  • размером 642,99 КБ
  • Добавлен пользователем
  • Описание отредактировано
Gojuk Ýusup. Gökdepe galasyndaky söweş
Powestler. Türkmen diline terjime eden Yhlas Amangeldi. — 2014. — 51 sah.
Gökdepe galasyny goramak üçin bolan pajygaly şöweşde türkmen halkynyň görkezen gahrymançylygy we patyşa goşunlarynyň ýerli halky köpçülikleýin gyranlygy hakyndaky ýatlama nesillerden-nesillere geçip gelýär. Gökdepe urşynyň taryhy halkyň gahrymançylykly dessanynda we saz sungatynda öz mynasyp beýanyny tapdy. Ady häzire çenli näbelli bagşynyň nesillere galdyran ajaýyp mukamy hem bu wakany gürrüň berýär.
Ýusup Gojuk 1968-nji ýylda doglan, ýokary bilimli. Tehran Uniwersitetiniň pars dili we edebiýaty boýunça okuwyny gutarýar. 1986-njy ýyldan bäri hekaýa ýazýar. Şu güne çenli onuň 20 den gowrak kitaby Eýranyň belli neşirýatlary tarapyndan köp tiražda çap edildi. Ýusup Gojuk häzirki wagtda her üç aýdan Eýranda çap edilýän, halkara derejesine eýe bolan „Ýaprak atly žurnalyň eýesi we baş müdiri. Häzir size onuň "Gökdepe galasyndaky söweş" powesti türkmen dilinde hödürlenilýär.
  • Чтобы скачать этот файл зарегистрируйтесь и/или войдите на сайт используя форму сверху.
  • Регистрация