Зарегистрироваться
Восстановить пароль
FAQ по входу

Hojageldiýew Nargylyç. Gökdepe galasy

  • Файл формата pdf
  • размером 1,51 МБ
Hojageldiýew Nargylyç. Gökdepe galasy
Aşgabat: Çäç, 1991. — 80 sah.
Nargylyç Hojageldiýewiň bu taryhy oçerki maňa jikme-jik mälim temadan ýazylypdyr. Bir ýüz on bir ýyl mundan ozal Gökdepede bolup geçen halk tragediýasy ýatdan çykaryp bolmajak taryhy wakadyr. Taryhçylar bu waka dürli wagtlarda dürli hili çemeleşdiler. Sarizmiň harby ekspansiýasyny ýuwmarlajak bolup, ýerli halkyň gahrymançylygyny peseltjek, onuň wekillerini aýyplajak, gala üstünde bolan söweşiň ähmiýetini kiçeltjek bolup synanyşdylar. Iň soňky döwürlerde-de Ahalyň tutýan territoriýasynyň, onuň ilatynyň möçberini hasaplap, hamala, bütin Türkmenistan bilen deňişdireniňde diňe alty-ýedi prosent bolýar, şonuň üçinem Gökdepe tragediýasy Türkmenistanyň Russiýa birikdirilmeginde esasy waka bolan däldir diýen ýaly metodologik taýdan yrga tutaryga ýüz urdular. Munuň özi taryha düýbünden nädogry çemeleşmegiň mysalydyr. Her bir halkyň taryhy ykbalyny kesgitleýän aýgytly wakalar bir günde ýa-da birnäçe günde bolup geçýär. Mysal üçin, Russiýanyň taryhynda Kulikowo söweşi, Poltawa söweşi, Borodino söweşi we ş. m. aýgytlaýjy rol oýnapdy. Türkmen halkynyň taryhynda-da Gökdepe galasynda bolup geçen agyr söweşiň ähmiýetine hiç bir jähtden kembaha garamak bolmaz.
  • Чтобы скачать этот файл зарегистрируйтесь и/или войдите на сайт используя форму сверху.
  • Регистрация